Türkmenistan – sport ýurdy

21 Iýun 2024
439

Türkmenistan – sport ýurdy. Bu jümläniň Ýer ýüzünde uly ykrarnama eýedigine ýurdumyzda dürli ýyllarda guralan iri halkara ýaryşlaryň hem-de döwletimiziň öňe süren umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dünýäniň çar künjeginden müňlerçe janköýerleriň ünsüni eziz Diýarymyza gönükdiren şol ýaryşlar, sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrýan başlangyçlar yklymlary, halklary ýakynlaşdyrmak bilen birlikde, sportuň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly wakalardyr.

Hormatly Prezidentimiziň: «Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere ýetdi. Dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply ýurt hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi sport boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ajaýyp nyşanydyr» diýen dürdäne sözleriniň uly ykrarnama eýe bolan hakykatdygyna biz ýurdumyzda geçirilen ýaryşlara gatnaşanlaryň we sport muşdaklarynyň hoşallyklara beslenen sözlerini diňlänimizde hem aýdyň şaýat bolýarys.

«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar