Eklenjimiz ene toprak

19 Iýun 2024
405

Şu günlerde bereketli ekin meýdanlarynda bugdaý oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan zähmetinden kemala getirilen bol hasyl yrýa etmän ýygnalýar. Ak bugdaýdan bişen mele-myssyk, tes-tegelek Gün ýaly çöregimizden saçaklarymyz dolup duranda, biziň başymyz belent, kalbymyz buýsançdan dolup, gökde ganat gerýär. Döwletimiz daýhanlaryň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge bolan höwesini ýokarlandyrmak üçin onuň satyn alyş bahasyny hem artdyrdy. Öňküsinden tapawutlylykda bu ýyl bugdaý hasylynyň bir tonnasynyň bahasy 2,5 esse ýokarlandyryldy.

Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň öndürijilikli işlemekleri, ýerden bol hasyl almaklary üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döretmek, oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek işi Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredijilikli dowam etdirilýär. Ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, mineral dökünler bilen üpjünçilik ýokarlanýar, ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki wagtda suwarylýan ýerleriň aglaba bölegi hususyýetçilere uzakmöhletleýin kärendesine berlip, olarda ildeşlerimiz üçin diňe bir bugdaý ýa-da pagta däl, eýsem, zerur bolan azyklyk we gök-miwe önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Geçen ýyllarda diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryna degişli ekerançylyk ýerleriniň ýüzlerçe müň gektary hususyýetçilere paýlanylyp berildi. Hususyýetçiler ýurdumyzda importdan gelýän önümlere derek ýerli önümleri öndürmekde, ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde uly ähmiýetli işleri alyp barýarlar. Bugdaýyň il-ýurdumyz üçin her ýylda ýeterlik mukdarynyň ýygnalýandygy hem bu işleriň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridiki şahslar hem-de raýatlar ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýarlar.

Bahadur ŞADYÝEW,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar