Talabalaýyk ideg edilýär

18 Iýun 2024
320

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bazarlarymyzy özümizde ýetişdirilen miwe, bakja we gök önümler bilen üpjün etmegi oba hojalyk pudagynyň öňünde esasy wezipe edip goýýar. Halal zähmete ýugrulan edermen daýhanlar bereketli topragymyza gözleriniň göreji deýin garap, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar.

Balkan welaýatynyň kärendeçi daýhanlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda esasy azyklyk önümler bolan ýazlyk ýeralmanyň we soganyň bitginli hasylyny kemala getirdiler. Welaýat boýunça şu ýyl 1 müň 600 gektar ýerde ekilen ýeralmadan 22 müň 400 tonna hasyl alyndy. 1 müň 100 gektar ýerde ekilen sogandan bolsa 27 müň 500 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şu günler sogan ekilen meýdanlarda ideg işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu möhüm işler welaýatyň Gyzylarbat we Bereket etraplarynda guramaçylykly ýola goýlupdyr. Çekilýän yhlasly zähmet kärendeçileriň boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine bolan ynamy has-da pugtalandyrýar.

Döwran MAGTYMOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar