Ýurdumyzda giňden bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary – alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşikde ýaşlaryň 107-si ýeňiji boldy, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, degişli diplomlar gowşuryldy. Biz hem bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaş alymlaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirýäris.
Tawus MEREDOWA,