Toý-baýramly ülkämize milli baýramlarymyzyň biri bolan Gurban baýramy ýetip geldi. Baýramçylyk günlerinde ildeşlerimiz dynç alyp, gurbanlyk sadakalaryny berip, bir-biregi baýram bilen gutlarlar. Welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümi baýram günlerinde sürüjilere we ýol hereketine beýleki gatnaşyjylara tertip-düzgünleri berk berjaý etmelidigini ýatladýar.
Baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň ähli etraplaryndaky şäherara we içerki ýollarynda herekete gatnaşyjylaryň köp bolmagyna sebäp bolar. Bu bolsa sürüjilerden we pyýadalardan has seresaply bolmagy talap edýär.