5-nji iýunda ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleri işe girizildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan zalda ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.