Bildiriş

11 Iýun 2024
324

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2024-nji ýylyň 21-nji iýunynda Kaka etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň Rowaçlyk köçesiniň 2-nji jaý salgysynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Beýleki habarlar