Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy

9 Iýun 2024
308

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygy özüne Angliýany, Uelsi, Şotlandiýany, Demirgazyk Irlandiýany we Ýer togalagynyň birnäçe adalaryny birleşdirip, häzirki wagtda «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy, senagat taýdan ösen, dünýäde jemi içerki önümiň nominaly boýunça 6-njy, jemi içerki önüminiň satyn alyjylyk ukyby boýunça 10-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde bellidir.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Korollygyna bank, ätiýaçlandyryş, broker, maslahat beriş hyzmatlarynyň dünýä eksportunyň 10 göterimi degişlidir.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar