Energetika ulgamyndaky belent üstünlik

9 Iýun 2024
483

Ýurdumyzyň energetika pudagy uly üstünliklere beslenýär. Energetika türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly bolan çeşmeleriniň biridir. Baý tebigy gory we öndürijilik mümkinçiligi uly bolan döwletimizde bu ugra berilýän üns örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisi we beketleri dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Bu bolsa ýurdumyzda bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkalaýyn energoulgamy taslamasy ýurdumyzyň elektrik ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini we zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, elektrik energiýasynyň gerek ugra gaýtadan paýlanmagyny üpjün etmegi öz içine alýar.Ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda işler giň gerimde dowam edýär. Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry — Ahal — Balkan bölegi 2021-nji ýylda, ikinji tapgyry, Mary — Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. Bu taslamanyň üçünji tapgyry bolsa Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berildi.

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar