Türkmenistanyň we «CNPC»-niň wekilleri gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

3 Iýun 2024
353

28-nji maýda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli «CNPC» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Oleg LUKIN,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar