Futbol boýunça Türkmenistanyň milli çempionatynda 2-nji aýlaw tamamlandy. 18-nji tapgyrda geçirilen duşuşyklarda 16 gol derwezä girizilip, 3 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Sanawyň ýeňlişsiz lideri «Arkadag» topary öz meýdançasynda «Şagadam» toparyndan 3–1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Röwşen Begjanowyň goly bilen 14-nji minutda öňe saýlanan myhmanlara ýer eýeleri Şanazar Tirkişowyň (20), Abdy Bäşimowyň (32) hem-de Begenç Akmämmedowyň (88) gollary esasynda jogap berdi.
«Altyn asyr» topary öz meýdançasynda «Merw» toparyny 5–2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda aragatnaşykçylaryň gollaryny Arslan Saparow (23, 52), Zafar Babajanow (30), Selim Nurmyradow (44 p) hem-de Röwşengeldi Halmämmedow (68), «Merwiň» gollaryny bolsa Şazada Bäşimow (10) bilen Aly Haýdarow (77) geçirdi.