Özbegistan 2024-nji ýylyň başyndan 19-njy maýa çenli Russiýa Federasiýasyna 156 müň tonna miwe we gök önümleri eksport etdi. Bu barada «Xabar.uz» saýty habar berdi.
Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26 göterim köpdür. Hususan-da, hasabat döwründe Özbegistandan rus bazaryna iberilýän ak kelemiň mukdary 4 esse, hurmanyň mukdary 6 esse, reňkli kelemiň mukdary 2 esse, käşiriň mukdary bolsa 3 esse ýokarlandy.