«HotCars» portaly tarapyndan dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi. Degişli sanawdan hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar orun aldy.
Sanawyň birinji ornuny 2010–2015-nji ýyllarda öndürilen «Hyundai Elantra» kysymly ulaglar eýeledi. Ikinji orna 1988–2002-nji ýyllarda bazara çykarylan «Chevrolet Silverado» pikaby, üçünji basgançaga bolsa 2011–2016-nji ýyllarda öndürilen «Ford Super Duty» ulaglary ýerleşdi.