«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024
Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmün-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol seneden başlap, her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Ak şäherimiz Aşgabat özüniň özboluşly, owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine, sport merkezine, sagdynlygyň mekanyna öwrüldi. Sporty ösdürmek ulgamynda täzeçillik strategiýasynyň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň baş şäherinde kuwwatly we döwrebap, köpugurly düzüm kemala geldi. Aşgabat Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň dünýäde iň uly atyň keşbi hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkeziniň dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzüş howzy hökmünde, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda geçirilen welosport boýunça okuw sapagy gatnaşyjylaryň sany boýunça iň köp adamly welosport okuw sapagy hökmünde hem-de 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzda 2019 adamyň gatnaşmagynda geçirilen «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» boýunça dünýä rekordy täzelenip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.