«Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14 Maý 2024
968

Şu gün — 14-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda  «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşik düzme we hekaýa ýazmak hem-de surat çekmek ugurlaryny öz içine aldy. Oňa paýtagtymyzyň, Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň 195-si öz işleri bilen gatnaşdylar. Netijede, eminler topary bäsleşige hödürlenen işleriň içinden şu aşakdakylary ýeňiji diýip yglan etdi:

Hekaýa ugry:

«Güneş».
Beýleki habarlar