Ýaryş güýçli toparlary saýlady

1 Maý 2024
627

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan bilelikde guralýan «Altyn top» atly futbol ýaryşynyň Kaka etrap tapgyry etrapdaky 14-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.

Okuwçy ýaşlar ýeňiş gazanmak üçin öz aralarynda gyzykly duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklar güýçli toparlary öňe saýlady. Şeýlelikde etrapdaky 15-nji orta mekdebiň topary birinji, 18-nji orta mekdebiň topary ikinji, 14-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp bolup, hormat hatlary bilen sylaglandy.

Suraý HANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgäri.
Beýleki habarlar