Daýhanlaryň zähmet üstünlikleri

30 Aprel 2024
433

Şu ýylyň has-da ygally gelmegi oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ekin işleriniň ilerlemegine itergi berdi. Ýagyş suwlary ýaşyl dona bürenip oturan däneli ekin meýdanlaryny suwarmakda, dökünler bilen iýmitlendirmekde we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň daýhan birleşikleriniň kärendeçileriniň hem şu günler iş-aladalary has-da artdy. Etrabyň oba hojalykçylary şu ýyl gök-bakja önümleriniň bolçulygyny artdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar