Sport — sagdynlygyň gözbaşy

30 Aprel 2024
367

Ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň, edara-guramalaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde «Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy» atly köpçülikleýin sport çärelerini we bäsleşikleri guradyk.

Sport çäreleri tälimçileriň sport ulgamynda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak, ýaşlaryň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary bilen başlandy. Şeýle-de çykyşlarda şu günler giň gerime eýe bolýan sport çäreleriniň we ýaryşlaryň netijeli taraplaryna aýratyn üns çekildi. Soňra etrabyň sport mekdepleriniň toparlarynyň arasynda woleýbol, kiçi futbol, badminton, göreş boýunça ýaryşlar guraldy we ýeňijiler yglan edildi. Sport mekdebiniň türgenleriniň görkezme çykyşlary ildeşlerimize uly ruhubelentlik paýlady.

Şahnaza BAHTIÝAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň statisti.
Beýleki habarlar