Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

28 Aprel 2024
188

27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Toplumyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Arkadag şäheriniň häkimi garşyladylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem bar. Şeýle-de bu ýere belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler ýygnandylar.

(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar