Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

28 Aprel 2024
192

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda bu şanly senäniň gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine halkymyzyň goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydygy bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri halkymyzyň buýsanjy we ylham çeşmesi, gymmatly milli mirasy bolup durýar. Halkymyz ähli döwürlerde-de bedewlere belent sarpa goýupdyr, olary seýislemek däplerini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Häzirki wagtda-da bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen köpugurly işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa gutlady.

(TDH)
Beýleki habarlar