OWAL BEDEW ATY GEREK

26 Aprel 2024
446

Taryha ser salanymyzda ahalteke bedewleriniň gözelligine, ýyndamlygyna, uzak ýörişlere çydamlylygyna dünýäde taý gelip bilen tohum atlar bolmandyr diýen ýaly.  Pederlerimiz ahalteke bedewlerini arassa nesil-şejere ugurlary boýunça köpeldip, nesillere miras goýupdyrlar. Seýisler behişdi bedewlere ýakyn ýoldaşy hökmünde garap,  olara mähir-yhlasyny siňdiren bolsalar,  halk döredijiliginiň dürli žanrlarynda, nusgawy edebiýatymyzda, bagtyýar zamanamyzda ahalteke bedewleriniň tarypy çeper sözüň üsti bilen beýan edilýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «At gazanar goç ýigidiň, Owal bedew aty gerek» diýen bolsa, Seýitnazar Seýdi: «Düldül münüp, ganat baglap uçar men» diýip, bedew atlary buýsanç bilen wasp edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp eserinde: «Türkmen seýsiniň ömri, ykbaly, döredijiligi bagyş edilýän milli atşynaslygyň köp ýyllyk tejribeleriniň esasynda kemala gelen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň hiç wagt öçmejekdigini, bedewlere bir gezek gözi düşen adamlaryň kalbyny özüne maýyl edip, mertebesiniň barha beýgeljekdigini eýýamlar subut etdi. Munuň özi inkär edip bolmajak hakykatdyr» diýip belleýär. Bu jaýdar jümleleri okaýarkaň, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň hasam artmagynda zenanlarymyzyň hem mynasyp zähmetiniň bolandygy hyýalyňda janlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat—Moskwa atly ýörişi dogrusynda baý maglumatlar beýan edilýär. Kitapdaky: «Türkmen çapyksuwarlarynyň 30 sanysy 84 günde 4300 kilometr, gündelik 120 kilometr aralygy geçdiler»  diýen jümleleri tolgunman okamak mümkin däl. Bu aýdylanlar ahalteke bedewleriniň ýakyn we uzak aralyklary geçmäge, yssa, sowuga çydamlydygyna ýene bir gezek şaýatlyk edýär. 

Merjen HOMMADOWA,
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň kitaphana müdiri.
Beýleki habarlar