Azyk howpsuzlygy — eşretli ýaşaýyş

24 Aprel 2024
203

Ýurdumyzda ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, azyk harytlarynyň ýeterlik möçberdäki gorlaryny döretmek, içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek babatynda durmuşa geçirilýän asylly işler sanardan köp. Bu ýagdaý ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin berk ykdysady binýadyň bardygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi, birinjiden, sagdyn iýmitlenmek üçin ýeterlik derejede önümler bilen üpjün etmegi goldamakdan, ikinjiden, importa bolan garaşlylygy azaltmakdan, şeýle-de azyk önümlerini öndürijileriň bähbitlerini goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, iýmit önümleriniň ilat üçin elýeterliligini, olary satyn almak mümkinçiliklerini azyk howpsuzlygyny gazanmagyň möhüm wezipeleriniň hatarynda görkezmek bolar. Biziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny gazanmakda ileri tutulýan ugurlar, esasan, oba hojalyk pudagyny ösdürmekden, munuň üçin ony goldamagyň degişli çärelerini kabul etmekden, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakdan, eksporty höweslendirmekden ybaratdyr. Sebäbi oba hojalyk pudagynyň ösmegi, bu eýýäm azyk howpsuzlygyny kadalaşdyrmak bilen bir hatarda, milli azyk bazarlarynyň goraglylygynyň ýokary derejesini gazanmaga giň mümkinçilik döredýär. Ajaýyp döwrümizde ýerli önümçiligiň hasabyna, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýşy we hojalyk işi üçin amatly şertleri döretmek arkaly azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde amala aşyrylýan pudaklaýyn işleriň gerimi giňdir.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar