Sähralarda çopan yhlasy görünýär

24 Aprel 2024
454

Welaýatymyzyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy almak meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu jogapkärli möwsümde Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary hem aýratyn tapawutlandylar. Şu günlerde maldarlar dowarlara, şeýle hem ösdürilmäge galdyrylan owlak-guzulara göwnejaý ideg edýärler.

Çopanlaryň iş keýpleri oňat. Möhüm möwsümi netijeli jemlän maldarlar gazanylan netijelerden göwünleriniň hoşdugyny begenç bilen buşlaýarlar. Uzak örüdäki çopanlar armasyny ýetirmäge gelýän myhmanlary hemişe ýitirip-tapan ýaly garşylaýarlar welin, bu gezek möhüm möwsümiň üstünlikli tamamlanan günlerine gabatlap gelen adamlary has-da gadyrly garşyladylar. Maldarçylyk hojalygynyň tohumçylyk boýunça zootehnigi Hanjar Ýarow olaryň işi barada gürrüň berýän mahalynda «tallymerjenlileriň» ilkinjileriň hatarynda pellehana gelendiklerini sözüne goşýar. Çopanlar ene dowarlardan owlak-guzy almak meýilnamalaryny Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygyndan soňra ikinji bolup ýerine ýetiripdirler. Bu ýerde 20-30 ýyl iş tejribesi bolan halypalaryň onlarçasy zähmet çekýär. Olar yssyda-sowukda mallaryny bakmagyň usullaryny gowy bilýärler. Dowarlardan owlak-guzy almagy we beýleki möwsümlerde öz iş tejribelerini, ussatlyklaryny ýerlikli ulanmagy hem başarýarlar.

Ilmyrat DÖWLETOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar