Halkyň ruhy baýlygy

24 Aprel 2024
438

Türkmen dutary. Dutaryň owazy. Bu iki mukaddesligiň ajaýyp sazlaşygynyň netijesinde täsin gudrat döreýär. Türkmeniň dutar ussalarynyň sünnäläp ýasan ajaýyp senedi daş görnüşi bilen özüne çekse, owazy duýgularyňa täsir edip, göwnüňi göterýär.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynda dutaryň maýyl ediji owazy tutuş adamzady biparh goýman, dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyryp gelipdir. Durmuşyna berk ornaşan we aýrylmaz bölegine öwrülen bu gymmatly miras halkyň ruhuny göterip, agyr ýüküni ýeňleden gymmatlykdyr. Dutaryň, aýdym-sazyň halkymyzyň durmuşyndaky orny barada oýlanyp, geçmiş taryhymyza ser salanyňda, dutar bilen agasyny ýesirlikden halas eden Şükür bagşynyň keşbi aňymyzda janlanýar.

Parahat Güjiýew,
welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar