Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz

24 Aprel 2024
498

Halkymyz owal-ahyr bedew aty syrdaşy, wepaly ýoldaşy hasaplapdyr. Dessanlarda-da, rowaýatlarda-da, ertekilerde-de, halk döredijiliginiň ähli görnüşlerinde-de at öz mynasyp ornuny tapypdyr. «Düýşüňde at görseň, maksat-myradyňa ýetjegiňdir» diýlip görülýän düýşler oňatlyga ýorlupdyr. Öňüňden at çyksa, türkmen «Maksadymy Allanyň berdigidir. Gapymda toý boljakdyr» diýip, ýagşy ynanja uýupdyr. «At aljaga, ogul öýerjege Alla ýetirer» diýen pähimi gursagynda göterip, gapysynda toýlar tutupdyr.

At hakynda eşiden rowaýatlarymyzyň käbiri goşgy setirlerine siňen bolsa, käbir rowaýatlar, gürrüňler atlaryň keşbine gözümiz düşende, derrew hakydamyza dolýar. Gadym döwürde bir maşgalanyň başyna köp kynçylyklar düşüpdir. Bu ýagdaý ýigidi köp oýlandyran. Öýünde söýgüli atyndan başga zat galmadyk şol ýigit bu ýagdaýy bir ulamanyň ýanyna baryp, gürrüň beripdir. Ulama ýigidi ünsli diňläp: «Oglum gapyňda ýeke atyň, ojagyňda ýalňyz özüň galan bolsaň, onda sen atyňy ýanyň bilen alyp, hol ilerki gonamçylygyň bir çetine bar-da, dur! Atyňy öz erkine goýber! Ol haýsy ýere baryp, ýer peşeläp başlasa, sen şoňa pugtaja üns ber! Ol ýerde seniň dünýäden öten, belli günleri bellenilmedik, aşy-suwy berilmedik, ruhuna degsin edilmedik, aýat-töwir okalmadyk garry eneň mazary ýatandyr. At barar-da, şol enäniň mazaryny aýaklary bilen sypalar. Sen şonda bar zada düşünersiň!» diýipdir. Ýigit ýagşyzadanyň diýenlerini birin-birin berjaý edipdir. At biçäre mazarystanlygyň golaýyna barandan bir kişňeýär-de, gözünden boýur-boýur ýaş akdyryp, öz ugruna gidýär. Yigit aglap duran atyny gujaklap, onuň bilen deň aglaşýar we özüniň hatasyna düşünýär... Ine, türkmen bedewiniň duýgurlygy, düşbüligi, asyllylygy hut şu rowaýatda-da öz beýanyny tapýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar