Gurluşyk senagatynda täze mümkinçilikler

22 Aprel 2024
377

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakadyr

Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ygtybarly kepili bolan senagatdaky gazanylýan üstünlikler aýratyn tarypa mynasypdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çäginde yzygiderli gurulýan kuwwatly önümçilik kärhanalary ykdysady ösüşleriň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda senagat kärhanalarynyň iň öndürijilikli güýje eýeleriniň biri — Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Lebap sement zawody Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2013-nji ýylda açyldy.

«Diýar».
Beýleki habarlar