«Magtymguly sözlär tili türkmeniň»

23 Aprel 2024
444

Şeýle at bilen 22-nji aprelde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Muhammetguly Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr Süleýman Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Nurgözel Gozlyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Gunça Annanyýazowa dagy Magtymguly Pyragynyň çuň manyly döredijiligi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler. Şeýle-de duşuşykda ýaşlara türkmen diliniň arassalygyny saklamak, gadymy sözleriň manysyny düşündirmek, beýik söz ussadymyz dana Pyragynyň döredijilik älemini giňden wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri barada nygtaldy.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar