Täze ýollar halklary abadan durmuşa alyp barýar

22 Aprel 2024
219

17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar