Milli gymmatlygymyza sarpa

21 Aprel 2024
347

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de şu ýylda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, ahalteke bedewlerimize buýsanjymyzy has-da artdyran waka boldy.

Buýsanç bilen habar berlişi ýaly, şu ýyl ahalteke bedewlerinden köp sanly taýlar alnyp, olaryň baş sany has-da artdy. Hormatly Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy hem-de gadamynyň batly bolmagyny arzuw etdi.

Maral AHMEDOWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar