«7/24. tm» №17 (204), 22.04.2024
Beýik Ýüpek ýoly diňe bir söwda ýoly bolman, dünýä taryhynda Gündogar we Günbatar medeniýetlerini özara baglanyşdyrýan wajyp baglanyşyklaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, kerwen ýollary arkaly diňe senagat önümleri däl, eýsem alymlaryň ylmy miraslary, medeni gymmatlyklary, açyşlary, hojalyk üstünlikleri we aýdyň hünär ösüşiniň syrlary ýaýradylypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda milli taryhymyzdan, gadymy çeşmelerden alnan parçalar, bolup geçen wakalar, döwletimiziň häzirki zaman durmuşy beýan edilýär.