Daýhan mert — ýer jomart

19 Aprel 2024
178

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi dowam edip, bu möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi işleri geçirilýär. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

«Nesil».
Beýleki habarlar