Galkynýan Watanyň röwşen ýoly

19 Aprel 2024
303

Hereket. Tizlik. Ösüş. Bu düşünjeleriň biri-biri bilen berk baglanyşyklydygyny tebigatyň kanunlary hem, taryhy tejribe hem tassyklaýar. Adamzadyň ylmy-tehnologik ösüşiniň barha artýan tizligi hem hut şu düşünjeler bilen baglanyşyklydyr. Wagtyň we giňişligiň esasy düşünjeleri bolan hereketiň, tizligiň we ugruň kesişýän nokatlarynyň biri-de ýoldur. Ulaglaryň we ýollaryň kämilleşmegi hereketiň tizliginiň artmagyna, ösüşiň çaltlanmagyna getirýär. Atdyr düýeleriň ornuny olardan has çalt hereket edýän demir ýol ulaglarynyň we awtomobilleriň eýelän döwründe adamzat siwilizasiýasynyň ösüş depginiň hem has çaltlanandygyny görmek bolýar. Gadymy kerwen ýollarynyň geçen ugurlarynda bu gün döwrebap polat hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň çekilmegi bolsa halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pajarlamagyna getirýär. Ýurdumyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasynyň tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilmegi sazlaşykly ösüşlere tarap ädilýän ynamly ädimleriň nyşanydyr.

Buýsanja mynasyp taslama

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar