Ýollaryňyz ak bolsun, uzaga gitsin!

18 Aprel 2024
178

Mälim bolşy ýaly, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka ýurdumyzyň  halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagy babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsi boldy.

«Geljek biziň gurýan, döredýän zatlarymyzda» diýleni. Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem häzirki beýik galkynyşlara beslenen döwrümizden geljek nesillere iň haýyrly miraslaryň biridir.  Bu döwrebap ýoluň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlipdi. Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen ýoluň birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.  Ýeri gelende, awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemelidiris.

«Adalat».
Beýleki habarlar