Raýatlaryň saglygy: döwletiň iň ýokary gymmatlygy

18 Aprel 2024
192

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eserinde: «Durmuşda ähli zat biri-biri bilen bagly. Parahatçylyk, gülläp ösüş, asuda asman, abadan durmuş ýaly düşünjeler bolçulygyň, bagtyýar ýaşaýşyň açary hasaplanýar» diýip parasatly nygtamak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň alymlyk paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň 17-nji aprelde Mary welaýatyna bolan sapary mynasybetli birnäçe ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem açylyp ulanmaga berilmegi halkymyzy diýseň begendirdi. Munuň özi 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň hem netijeli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Begenç HANNAÝEW,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar