Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar

17 Aprel 2024
124

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has belende galdy. Bu günki gün ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we türkmen bedewiniň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Munuň şeýledigini «Ahalteke bedewleri bagtyýar zamanamyzda öz öçmejek taryhyna şöhrat getirýärler» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy ýene bir gezek subut etdi.

«Esger».
Beýleki habarlar