Daýhandan hereket — ýerden bereket

17 Aprel 2024
455

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi Baýramgeldi Saparow öz bagtyny ene ýere siňdirýän päk zähmetinden tapanlaryň biri. Ol 1996-njy ýylda daýhan birleşiginden 10 gektar meýdany kärendesine aldy.

Baýramgeldi kärendesine ýer alan gününden başlap, oňa mähir-söýgüsini, höwes-yhlasyny, maňlaý derini siňdirip başlady. Ekişden öň ekin meýdanlaryny eliň aýasy ýaly kemsiz tekizledi. Ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrdy. Çuň şüdügär sürümini geçirdi. Ekişi hem öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirdi. Topraga düşen däneler gysga wagtyň içinde gögerip, ýaşyl maýsalara öwrüldi. Bu ýagdaý daýhan ýigidiň göwnüni göterdi. Işe bolan höwes-hyjuwyny artdyrdy. Bugdaýyň bol hasyl getirmegi üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalandy. Onuň dökünini, suwuny wagtly-wagtynda bermegiň hötdesinden geldi. Netijede atyzlarda altyn başly bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdi. Baýramgeldi şol ýyl her gektaryň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 35 sentnere derek 38 sentnerden geçirdi. Ilkinji ýylyň üstünligi kärendeçi ýigidiň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar