Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

17 Aprel 2024
248

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar