Şalgamyň peýdasy

16 Aprel 2024
503

Şalgam kelemler maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlik bolup, olaryň birýyllyk görnüşi hem bolýar. Onuň azyklyk gymmaty ýokary bolup, düzüminde az mukdarda kletçatka, köp mukdarda gant we С witamini bar. Şalgamyň iň köp ýaýrany sary we ak etli görnüşleridir.

Şalgam irki döwürlerde demirgazykda ýaşaýan halklar üçin esasy elýeterli iýmit bolupdyr. Sebäbi oba hojalyk ekinleriniň köpüsi gyşyň aňzakly sowugyna çydamandyr. Şalgam sowuga çydamak bilen, uzak wagtlap saklansa-da, öz tagamyny ýitirmändir. Ol özüniň ýokary hasyllylygy, az zähmeti talap edýänligi bilen tapawutlanýar.

Maral ORAZBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar