Moldowada geçirilen sergide agrotehnikalaryň täze görnüşleri görkezildi

16 Aprel 2024
469

Kişinýowda «Moldagroteh – 2024» atly sergi geçirildi. Onda ýerli hem-de daşary ýurt öndürijileriň tehnikalary, ulaglary, daşky gurşawy goraýjy enjamlary görkezildi. Täze önümleriň hatarynda sergide suwaryjy ulgamy bolan traktorlar we başga-da birnäçe tehnikalar getirilipdir. Sergide ýerleşdirilen däne ekiji tehnikalara isleg bildirýänleriň sany agdyklyk etdi. Bu tehnikalar awtomatik usulda işledilip, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu tehnikalar topragy oňat özleşdirýändikleri bilen tapawutlanýarlar.

Şu gezekki geçirilen sergä ekerançylykdan rysgyny tapan fermerleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar üçin bu ýerde tehnikalary öndürijiler bilen gönüden-göni şertnamalaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikler döredildi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Oguljan JUMAÝEWA,
A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar