Şöhratly taryhymyzyň beýany

16 Aprel 2024
458

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş etmegi halkymyzy örän guwandyrdy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän milli medeniýeti her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Bu buýsanç ajaýyp kitaby okanymyzda has-da artdy.

Änewiň şöhratly taryhy onuň bereketli topragy, gadymy medeniýet ojagy bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabyny okap, bu topraga togap edýäris, ekerançylyk medeniýetine çuňňur gyzyklanma bilen garaýarys. Esasan hem, bu gymmatlyklary öwrenmekde dünýä alymlarynyň alyp baran işleri bilen tanyşmak aýratyn gyzyklanma döredýär. Çünki olar gadymy topragyň taryhyny, döreden medeniýetini ylmy esasda öwrenmek bilen, uly işleri alyp bardylar. Bu hem olara bolan hormat-sarpamyzy artdyrýar. Kitabyň sahypalarynda türkmen topragynyň iň gözel ýeri bolan Änew we onuň töweregindäki obalaryň atlary, çeşmeler ünsüňi çekýär. Çeşmeden süýji suwuň akyp durmagy bu ýerleriň berekedini has-da artdyrypdyr. Kitapda şunuň bilen bagly birnäçe maglumatlar beýan edilýär hem-de bag-bakjanyň ajaýyplygy aýdylýar. Şonuň üçin hem bu ýerleriň Bagabat diýlip atlandyrylandygy ylmy esasda beýan edilýär.

Dünýägözel ANNAMYRADOWA,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar