Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy

12 Aprel 2024
434

Belarusda “TIBO internet baýragy” bäsleşigine gatnaşmaga ýüz tutmalar kabul edilip başlandy diýip, BELTA ýurduň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp habar berýär.

“TIBO internet baýragy” bäsleşigi 2003-nji ýyldan bäri Belarus Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligi, Maglumat ministrligi hem-de “Tehnika we kommunikasiýalar” ÝGPJ tarapyndan her ýyl geçirilip gelinýär. Şol döwürden bäri bäsleşige 9 müňe golaý belarus internet resurslary gatnaşdy.

Beýleki habarlar