Kitap okamak barada «Paýhas çeşmesi» kitabynda şeýle setirler bar: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Bu dana sözlerde uly many-mazmun, pähim-paýhas bar. Ata-babalarymyz kitabyň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýupdyrlar. Kitaplar ynsanyň köp okap, köp öwrenmegine, durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine täsir edýär. Kitaplarda adamyň durmuşynda yz galdyrýan, oňa durmuş sapaklaryny öwredýän maglumatlar jemlenýär. Kitap — ynsanyň ynamdar dosty, paýhasly maslahatçysy, ýoluna nur saçýan şamçyrag, ruhy hazyna. Kitaplardaky pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, rowaýatlar gözýetimiňi giňeldýär, durmuşda öz ýoluňy tapmaga kömek edýär, gowy endikleri terbiýeleýär, ýaşaýşa ynamyňy ýokarlandyrýar, kyn pursatlarda ýalňyz syrdaşa öwrülýär. Köp okamak täze-täze döredijilik gözleglerine atarýar.
Şöhratly taryhymyza nazar aýlasak, Merwde we Köneürgençde «Paýhas öýleriniň» — kitaphanalaryň bolmagy pederlerimiziň okumyş, pähim-parasatly adamlar bolandygyndan habar berýär. Seljukly türkmen döwletiniň gülläp ösen zamanasynyň meşhur alymlary Merwiň kitaphanalaryndaky obserwatoriýalardan peýdalanypdyrlar. Orta asyrlarda ylym dünýäsinde meşhur bolan akyldarlaryň, alymlaryň ençemesi Köneürgençde «Mamunyň akademiýasynda» okapdyrlar.