Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2024 — 2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we hünär-tehniki mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 6-njy we 20-nji aprelinde hem-de 4-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

3 Aprel 2024
397

Bu çärä gatnaşan ýaşlara mekdepde okuwlaryň guralyşy, okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» güni mekdebiň birinji binasynda sagat 10:00-da geçirilýär.

Beýleki habarlar