Yhlas bar ýerinde ynam döreýär

3 Aprel 2024
429

Dänew etrabynyň Ysbaz obasynyň ýaşaýjysy, «Dostluk» daýhan hojalygyny esaslandyryjy Ýaňybaý Rahmankulyýewiň bugdaý ekilen 3,8 gektar meýdanynda ýekeje çile-de gözüň düşmeýär. Ekerançylyk meýdany göwnejaý tekizlenilipdir. Ýeriň tekizligi eliň aýasyndaky ýaly görnüp dur. Daýhan munuň topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini belleýär.

Bereketli bugdaý meýdany ýaşyl begres geýnen ýaly bolup görünýär. Daýhan ekinini eýýäm üç gezek mineral dökünler bilen iýmitlendiripdir, mazaly suwarypdyr. Ýaňybaý aga her ýyl atyzyny ekişe kemsiz-köstsüz taýýarlaýandygyny gürrüň berdi. Ekişden öňki işler, ekine ideg edilýän döwürdäki agrotehniki çäreler talabalaýyk berjaý edilende, ýokary netije berýändigini hem belledi. Aýdanlaryna subutnama hökmünde geçen ýylky gazanan netijesine salgylandy. Baglaşylan şertnama laýyklykda ol bu ýerden 12,4 tonna bugdaý tabşyrmaly eken. Iş ýüzünde onuň tereziden geçiren hasyly 17,86 tonna barabar bolupdyr. Şonda her gektaryň hasyllylygy 47 sentnere ýetipdir. Gök öwsüp duran maýsalar ideginiň ýetirilýändiginden, diýmek, üstümizdäki ýylda hem bol hasyla garaşybermelidiginden habar berýär.

Döwlet HUDAÝBERDIÝEW.
Beýleki habarlar