Ýüpegiň uçly bolsun!

3 Aprel 2024
454

Ýaz paslynyň gelmegi bilen ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm başlandy. Welaýatymyzda gündogar etraplaryň ýüpekçileri gurçuklary idetmäge beýleki etraplardan hem 3-4 gün ir girişýärler. Bu ýyl hem ussat ýüpekçilerimiz kümüşsöw çäje senagat üçin gymmatly çig malyň 1010 tonnasyny goşmagy meýilleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek baradaky tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegi daýhanlaryň bu önümi öndürmäge bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýär.

Gadymy taryhçylaryň ýazgylarynda iň gözel we mübärek ýüpek hem-de nah matalaryň türkmen topragynda öndürilýändigi baradaky maglumatlar duş gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda türkmen parçalarynyň Hytaýda, Hindistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda islenilýän harytlaryň biri bolandygy, ata-babalarymyzyň iňňän ýokary hilli harytlary taýýarlamagyň ussatlary bolmak bilen birlikde uzak ýerler bilen şol harytlaryň söwdasyny hem işjeň ýola goýandyklary barada taryhy maglumatlar getirilýär. Ýüpekden dokalan halylar bolsa has-da meşhurdyr. Ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bolsa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar