Dowardarlaryň üstünligi

3 Aprel 2024
491

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň zähmet ussatlary owlak-guzy almak baradaky tabşyryklary üstünlikli berjaý etdiler.

Hojalygyň maldarlary 21 müň 307 baş ene goýundan 19 müň 632 sany sagdyn owlak-guzy alyp, ösdürime goýberdiler. Çopanlar bu jogapkärli möwsümi bol otly Täze guýy, Çaý guýy, Hojagär, Gäleçaý ýaly öri meýdanlarynda geçirdiler. Maldarçylyk hojalygynyň birinji bölüminden Arslan Söýünow, Döwletmyrat Ýazjumaýew, ikinji bölüminden Muhammetmyrat Baýmuhammedow, Şöhrat Gylyçmyradow ene goýunlardan owlak-guzy almakda aýratyn tapawutlandylar. Olar ýaşajyk guzulary bol otly öri meýdanlarynda sagdyn ösdürip, seçim döwrüne gurat ýagdaýda eltmegi öňlerinde esasy wezipe edip goýdular.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar