Tokaý hojalygy kärhanalarynda

2 Aprel 2024
580

Daşoguz welaýatynda tokaý hojalygy kärhanalarynyň üçüsi hereket edip, olarda welaýaty bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatyň tokaý hojalygy kärhanalary tarapyndan 26 gektar meýdanda tokaý zolaklaryna, 30 müň gektar miweli baglara hyzmat edilip, saýaly, pürli, miweli baglaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär.

Bag nahallaryny oturtmagyň häzirki gyzgalaňly möwsüminde bu kärhanalaryň bagbanlary welaýatda hereket edýän edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda hem bag nahallarynyň köp görnüşini ýazky ekişe taýýarladylar. Has takygy, saýaly baglaryň 150 müň düýbi, pürli baglaryň 80 müň düýbi, miweli baglaryň 30 müň düýbi, bezeg baglarynyň bolsa 15 müň düýbi taýýarlandy.

Maýsa ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar