Tejribe — belent maksatlaryň özeni

2 Aprel 2024
620

Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Ýusup Bäşimow häzirki wagtda ýaşynyň ýedi onlukdan geçip, segsene ser urandygyna garamazdan, işden çetde durmaýar. Ençeme ýyllaryň tejribeli daýhany saglygyň syryny zähmetden gözleýär. Munuň özüne ýetik sebäbi bar, ol hem Ýusup aganyň kakasynyň-da ömrüne ýer bilen iş salşyp, perzentlerine ýagşy görelde görkezmegidir. Peder ýoluny mynasyp dowam eden daýhan ýaşlygyndan ala meýdanlaryň, miwesi bol bitýän baglaryň, Tejen waharmanynyň, ak bugdaýly pelleriň, «ak altynly» atyzlaryň aşygy bolupdyr.

Ýetginjeklik ýyllarynda dörän şol höwes hem ömrüni bu kär bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Ussat daýhan harby gullugy tamamlap, gidromeliorasiýa ugrundan ýörite orta bilim alýar. Ol bu ugurdan alan hünäriniň ekinleri suwarmakda kän kömek edendigini belledi. Soňra öýli-işikli bolup, 1978-nji ýylda Ak bugdaý etrabyna göçüp gelýär. Bu ýerde hem jany-teni bilen topraga berlip zähmet çekýär, birnäçe ýyl topar ýolbaşçysy bolup işleýär. 1993-nji ýylda bolsa ýer alyp, oňa yhlas siňdirip, pagtadyr bugdaýyň bol hasylyny harmana tabşyryp başlaýar. Şol ýyldan bäri tejribeli daýhanyň alyp barýan işleri özüniň gowy netijesini berýär.

Baýnazar BAÝHANOW,
Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar