Eziz Diýar şanly wakalara beslenýär

2 Aprel 2024
583

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty has-da belent derejelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýar. Çünki medeniýet diplomatiýasy hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm guralydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi her bir türkmeniň buýsanjyny goşalandyrdy. Geçirilen dabaralaryň çäklerinde taryhy kökleri, medeniýeti meňzeş we umumy çeşmelerden gözbaş alýan türki dünýäsiniň doganlyk halklarynyň wekilleri ak şäherimiz Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini synladylar. «Gadymy Änew medeniýeti» ady bilen ylymda giňden tanalýan Änew topragy doganlyk ýurtlardan gelen myhmanlary, türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, gujak açyp garşy aldy.

Atajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar