Köňülleri buýsandyrýan dabaralar

2 Aprel 2024
540

2-nji aprelde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bu dabara ýurdumyzyň bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde sahnalaşdyrylan aýdym-sazly edebi çykyşlar bolsa bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.

Beýleki habarlar